gynanmak gy‧nan‧mak işlik

[gy:nanmak]

Ýüregiň awamak, nebsiň agyrmak, gussa çekmek, ökünmek.

  • Adamzat bir-ä begenende gep tapmaz, bir-de -- gynananda. («Görogly» eposy)

  • Öňdeligi elden bersek, gaty gynanarys. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gynanýar ol horluga Gözlerinden ýaş akýar. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  • Gynansak-da, onuň näme hakynda gürrüň berýendigini aňşyryp bilmedik. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • gynanamok
  • gynanan
  • gynananda
  • gynanandygyny
  • gynananmy
  • gynanany
  • gynananym
  • gynananyň
  • gynananyňda
  • gynanar
  • gynanara
  • gynanardy
  • gynanardyk
  • gynanarmyka
  • gynanarsyň
  • gynanaryn
  • gynanarys
  • gynanaýyn
  • gynandy
  • gynandygyny
  • gynandyk
  • gynandyklary
  • gynandylar
  • gynandym
  • gynandyňmy
  • gynanjagydy
  • gynanjagymy
  • gynanjagyna
  • gynanjagyňy
  • gynanjak
  • gynanjakdym
  • gynanma
  • gynanmady
  • gynanmadyk
  • gynanmadylar
  • gynanmagam
  • gynanmagy
  • gynanmagyndan
  • gynanmak
  • gynanmakdan
  • gynanmaklygy
  • gynanmaklyk
  • gynanmalarynyň
  • gynanmaly
  • gynanmalydygyny
  • gynanman
  • gynanmandy
  • gynanmasy
  • gynanmasyn
  • gynanmasyna
  • gynanmaz
  • gynanmazdym
  • gynanmaýan
  • gynanmaýar
  • gynanmaýaryn
  • gynanmaň
  • gynansa
  • gynansa-da
  • gynansagam
  • gynansak
  • gynansak-da
  • gynansam-da
  • gynansamam
  • gynansaň
  • gynanybam
  • gynanyp
  • gynanypdy
  • gynanypdyr
  • gynanypdyrlar
  • gynanyň
  • gynanýan
  • gynanýanam
  • gynanýandan
  • gynanýandygy
  • gynanýandygyny
  • gynanýandyr
  • gynanýandyrys
  • gynanýanlar
  • gynanýanlara
  • gynanýanlaryna
  • gynanýanlygym
  • gynanýany
  • gynanýanyna
  • gynanýanyny
  • gynanýar
  • gynanýardy
  • gynanýardylar
  • gynanýardym
  • gynanýarlar
  • gynanýarmyň
  • gynanýarsyň
  • gynanýarsyňyz
  • gynanýaryn
  • gynanýarys