[gy:nanç]
Agyr ýitgi zerarly emele gelýän gam-gussaly duýgy, gam, gussa.
Beýik rus halkynyň görnükli şahyry Puşkiniň aradan çykmagy bütin halkda gynanç döredýär. («Edebiýat»)
Ol hemişe halkyň içinde gezeni üçin, halkyň meýli, niýeti, şatlygy, gynanjy oňa aýandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Aýal doganynyň gynanjy hem onuň üstesine boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bir zat hakda döreýän ökünç, ahmyr.
Ýoldaş Akmämmedow, bu ýerde meniň günäm näme? -- diýip, ol sesini saňňyldadyp geplemek bilen ähli gynanjyny ýüze çykardy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gynanç - gynanjy.
Biriniň gynanjyna duýgudaşlyk bildirmek.