gyn gyn

[gy:n]

Pyçagyň we gylyjyň tygyna laýyk edip, gaýyşdan we ş. m. tikilýän gap.

  • Pursady goldan bermen, jübüsindäki pyçagy çykaryp, gynyny taşlap, maý alyp, bar güýjüni ýygnap, oslaman duran kapitanyň gursagyndan dikdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Gylyç gyndan çykdy, atlandy olar, Watanyň duşmanda hiç köýmez ary. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Pyçak öz gynyny kesmez. (nakyl)

gyn ýaly

Darajyk.


Duş gelýän formalary
  • gyna
  • gynady
  • gynda
  • gyndaky
  • gyndan
  • gynlary
  • gynlaryna
  • gynlaryndan
  • gynlaryny
  • gynlarynyň
  • gynly
  • gynlygynyň
  • gynsyz
  • gynsyzlyk
  • gyny
  • gyny-da
  • gynydyr
  • gynyn
  • gynyna
  • gynynda
  • gynyndan
  • gynyny
  • gynynyň
  • gynyň
  • gynyňdan