gymyldatmak gy‧myl‧dat‧mak işlik

[gy:myldatmak]

Bir zady çala yrgyldatmak, ýerinden gozgamak.

  • Emma ol gözleriň eýesi süýem barmagyny gymyldadyp, ony özüne bakan çagyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Be, şeýlemi? -- diýip, ýuka dodaklaryny çala gymyldatdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gymyldatmak - gymyldadýar, gymyldadar, gymyldadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • gymyldadanda
  • gymyldadar
  • gymyldadyp
  • gymyldadýar
  • gymyldadýardy
  • gymyldatdy
  • gymyldatdylar
  • gymyldatjak
  • gymyldatmady
  • gymyldatmadym
  • gymyldatmaga
  • gymyldatmaga-da
  • gymyldatmak
  • gymyldatmaly
  • gymyldatman
  • gymyldatmazdylar
  • gymyldatsaň