gylyç gy‧lyç

  1. Polatdan ýasalýan uzyn egri, sowuk ýarag.

    • Birnäçe ýyllardan bäri dulda asylgy duran gylyjyny syryp daş çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Gylyç öz gynyny kesmez. (nakyl)

    • Gylyç gynynda ýatsa, poslar. (nakyl)

    • Gylyç ýarasy biter, dil ýarasy bitmez. (nakyl)

    • Gylyç göteren gylyçdan hem öler. (nakyl)

  2. Gulaç, dolak ýaly irimçik matalar dokalanda ulanylýan, argaç kakylýan dokma senedi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gylyç - gylyjy.

gylyçdan geçirmek

Gylyç bilen çapyp öldürmek.

  • Nädersiňiz, baryňyzy birden gylyçdan geçiräýsem! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • gylyja
  • gylyjam
  • gylyjy
  • gylyjym
  • gylyjymdan
  • gylyjymy
  • gylyjymyz
  • gylyjymyzy
  • gylyjymyň
  • gylyjyn
  • gylyjyna
  • gylyjynam
  • gylyjynda
  • gylyjyndan
  • gylyjyny
  • gylyjyny-da
  • gylyjynyň
  • gylyjyň
  • gylyjyňam
  • gylyjyňy
  • gylyjyňyz
  • gylyjyňyzy
  • gylyçdan
  • gylyçdy
  • gylyçdyr
  • gylyçlam
  • gylyçlar
  • gylyçlara
  • gylyçlardan
  • gylyçlary
  • gylyçlaryna
  • gylyçlarynda
  • gylyçlaryndan
  • gylyçlaryny
  • gylyçlarynyň
  • gylyçlaryň
  • gylyçlaryňyzyň
  • gylyçly
  • gylyçlydy
  • gylyçlyny
  • gylyçlynyň
  • gylyçlyň
  • gylyçsyz