Agyzdan süýgüp çykýan sülekeý, suwuklyk.
Gyzjagaz entep ýykyldy, gyllygy sallanyp, dodaklary ýer garbady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýadaw at burnuny parryldadanda, köpük gatyşykly gyllyklar Sähediň üstüne syçrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň gansyz reňki gögerip, gözleri mäzleşipdir-de, agzyndan ganly gyllyk akýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gyllyk - gyllygy.
Bir zada emenip, agzyň suwuny akdyrmak.
Iş oňarman, emelsiz, görnüşde bolmak.