[gy:k]
Düýe, goýun, geçi ýaly haýwanlaryň öň iýen zadyndan gäwüşemek üçin ýaňadandan agyz boşlugyna getirýän bölegi.
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gyk - gygym, gygyň.
Gaharjaňlygy artmak, adamkärçiligi erbetleşmek, gödek, ajy sözli bolmak.
Ýakymsyz, ajy sözüňi aýtmak.
Öňkülik bolsa, Mawyny deperdi, oňa agzyndan gelen gygyny pürkerdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Şol wagtda Umsagüle gözi düşüp, Pökgi Wala-da onuň üstüne gygyny pürkdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)