Ýüzi agyr, gagal, hyrsyz.
Wäşi ýigitlerden biri Balla degip güldi: -- Bä, bu gelin şu wagtdan şeýle gyňyr görünýär-le! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Mähri şeýle gyňyr we irimçik hem manyly gepledi welin, onuň sözleri kalbynda adamkärçilik ysy bar adamynyň ýüzüni ýakyp-ýandyrardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem gyňyr - gyňry.