guzy gu‧zy

  1. Zoologiýa Goýnuň alty aýa çenli döwürdäki kiçijik çagasy.

    • Men nirä barsam, ýa-ha guzy, ýa-da tokly soýýarlar! . (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Göçme manyda «Balam, oglum, janym» diýen manyda ulanylýan söz.

    • Bar bolaweri, guzym! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Artyk jan, özüňi beýle horlama, guzym! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem guzy - guzuda, guzular, guzusy.


Duş gelýän formalary
  • guza
  • guzuda
  • guzudan
  • guzular
  • guzulara
  • guzularam
  • guzulary
  • guzularyna
  • guzularyny
  • guzularynyň
  • guzularyň
  • guzularyňyzy
  • guzuly
  • guzulygyndan
  • guzusy
  • guzusyny
  • guzusynyň
  • guzym
  • guzymdan
  • guzymy
  • guzymyň
  • guzyny
  • guzynyň
  • guzynyňky
  • guzyň