guw guw

Zoologiýa Uzyn egri boýunly, ýumşak ýelekli ullakan suw guşy.

  • Men ol ýerde oňat ak guw tutaryn. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

  • Deňizdäki mawy suwlary gördük, Köllerdäki ördek, guwlary gördük. («Pioner» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem guw - guwum, guwuň.


Duş gelýän formalary
  • guwa
  • guwlar
  • guwlara
  • guwlary
  • guwlarym
  • guwlaryň
  • guwly
  • guwlyma
  • guwuň
  • guwy