[gu:ry]
Öl däl, öl degmedik, çygy ýok bolan, çygsyz.
Agşamdaky gury ýol bolsa ýeriň yzgaryny has hem kepdirdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Gury agaçlar ýanar, söner, öl agaçdan hasyl öner. (nakyl)
Gury agajy egmegin, degmedige degmegin. (nakyl)
Öl tezek, gury tezek, özüne-de geler gezek. (nakyl)
Gurynyň oduna öl ýanar. (nakyl)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem gury - guruda, gurular, gurusy.
[gu:ry]
Biderek, netijesiz ýöne.
Gury gidip gelenim galdy.
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem gury - guruda, gurular, gurusy.
seret hyýal
Bu hereketleriň hemmesi gury ýa-da bir süýji düýşe meňzeýän bir zatlardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Biderek, boş söz.
Gury sözden palaw bolmaz, ýag bilen tüwüsi bolmasa. (nakyl)