Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gurt - gurdum, gurduň.
Gaty üşemek, sowukda gatap galmak; daş ýaly bolmak.
Daşarda galan towuk agşamky aýazda gurt bolupdyr.
Bir zady sowup gutarmak, harçlap gutarmak, biriniň zadyny «iýmek» (almak).
Eşiden bolsam men ony gurt etmeg-ä beýlede dursun, şol bada aşa gatyk etmeýänmi? («Sowet edebiýaty» žurnaly)
[gu:rt]
seret möjek 1
Gurt arkasyndan guş doýmuş. (nakyl)
Gurt gören itiň agzy bir bolar. (nakyl)
Gurt agzasaň, gurt geler. (nakyl)
Gurt bilen goýun guda bolmaz; guda bolsa-da goýun gülmez. (nakyl)
Sürüden aýrylan goýny gurt gapar. (nakyl)
At ýortuşda belli, gurt-ýyrtyşda. (nakyl)
Gurtdan gorkan tokaýa girmez. (nakyl)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gurt - gurdum, gurduň.
seret adam
Tabşyrylan işiň ýerine ýetirilendigini ýa-da ýetirilmändigini bilmek üçin berilýän sorag.
[gu:rt]
Zoologiýa Siňegiň tohumyndan emele gelýän aýaksyz, göwresi bilen süýşýän süňksüz möjejik.
Hawa, agajy gurt öz içinden iýýändir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ete gurt düşüpdir.

seret ýer