gurply gurp·ly sypat

  1. Güýçli, kuwwatly, sagdyn, daýaw.

    • Gurply göwresine kuwwat ýetişip, Gahar, gazap bilen sözledi içgin. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  2. Durmuş ýagdaýy gaty gowy, oňat ýaşaýan, barly.

    • Ol gurply adamdy. Ol oba-garasynyň daýhançylyk, mirapçylyk meselesine gatyşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Pagtaly meýdanlar, gurply kolhozlar, Ata-enelerim, daýanjym sizler. (Çary Aşyr, Poemalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem gurply - gurpluda, gurplular, gurplusy.


Duş gelýän formalary
  • gurpludy
  • gurpludygy
  • gurpludygyny
  • gurplulary
  • gurplulygy
  • gurplulygyna
  • gurplulygynda
  • gurplulygyny
  • gurplulygynyň
  • gurplulyk
  • gurplurak