Güýç, kuwwat, gurbat.
Haýwanam soýjak bolanyňda, öz gurbuna görä garşylyk görkezýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Jygaly beg gurby ýeten sowgadyny göterip, Hünkar soltanyň ýanyna salama bardy. («Görogly» eposy)
Mal, mülk, baýlyk.
Göwün diýýänini etmek üçin gurp gerek.
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gurp - gurbum, gurbuň.
Güýje girizme, gaýrata galdyrmak.
Aýnanyň hopugyp çykan sesi Nurjahany gurba getirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Mätäçlik çekmek, garyplaşmak.
Sen gelin edinip has hem gurpdan düşensiň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kesellilik zerarly ysgyndan gaçmak, nähoşlamak.
Sen halys gurpdan düşüpsiň.
Güýjüne zyýan ýetirmek, güýjüni kemeltmek.
Ýigrimi sany soldat öldüreniňiz bilen patyşany gurpdan saldygyňyz boldumy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)