guratmak gu‧rat‧mak işlik

[gu:ratmak]

  1. Öl, çyg ýerini gury etmek, gury hala öwürmek, sarykdyrmak.

    • Pejiň başynda ýylnyp, dolaklaryňyzy guradyp bilersiňiz. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Öl bolan köýnegi guratmak. Çig çeken ýüňi guratmak.

  2. Guramagyna sebäp bolmak.

    • Yzly-yzyna birnäçe gün epgek össe, heniz eýikmedik gowaçany guratjakdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Agaçlary idetmän guratmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guratmak - guradýar, guradar, guradypdyr.

gulak etini guratmak

seret gulak

  • Bular gurluşyk diýip, gulak etimi guratdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • guradandyr
  • guradanyňyzda
  • guradar
  • guradaý
  • guradyp
  • guradypdy
  • guradypdyrlar
  • guradýan
  • guradýar
  • guradýarlar
  • guratdy
  • guratdygyň
  • guratdylar
  • guratdyr
  • guratjakdy
  • guratma
  • guratmagy
  • guratmagyň
  • guratmajak
  • guratmak
  • guratmakda
  • guratmakdan
  • guratmakdyr
  • guratmaklyk
  • guratmaklykda
  • guratmaly
  • guratmalydygyny
  • guratman
  • guratmany
  • guratmazdan
  • guratsaň