Syrkaw däl, nähoş däl, jany sag, sagdyn.
Men gaty gurat, janym sag.
Hor däl, etli-ganly, semiz.
Goýun gurat bolanda bir hepdeläp çöpleriň ujuny çirteni bilen oňýar. («Kolhoz günleri»)
Gurply hojalygy bolan, kem zady ýok, barly.
Olar gurat ýaşaýarlar.
Saz işleýän, bozulmadyk, abat.
Maşynyň nähili, guratmy?
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gurat - gurady.