Jemgyýetçilik güýçlerini jemlemek arkaly syýasy we ş. m. guramanyň esasyny düzmek, esasyny tutmak, döretmek, bir zady, bir işi düzmek, ugrukdyrmak.
Bina etmek, salmak (jaý we ş. m.).
Ýola goýmak, terbiýe salmak.
Eý, ýok biz işi geregiçe guramaga henizem ýetişeris. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
[gu:ramak]
Öli, çygy, nemi aýrylmak, gury bolup galmak, sarykmak.
Ýuwlup serlen geýimleriň hemmesi gurapdyr.
Gepleşik dili Juda arryklamak gaty horlanmak, iglemek.
Gerek öňküsinden hem beter gurapdyr.
Göçme manyda Ýok bolmak.
Garyplyk gurasyn! -- diýip, Musa aga oňa seretdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Ösümlik dünýäsinde: ýaşaýyş prosesi kesilmek gutarmak, solup gitmek.
Şu ýyl biziň iki düýp erigimiz gurady.