Uzak wagtlap ygal düşmezlik, gar, ýagyş ýagmazlyk zerarly meýdanda ot-çöp gögermezlik ýagdaýy.
On ýedinji ýylyň guraklygy Garagumuň durmuşyny hem ölüm halyna getiripdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ona gopgunly günler hem, Aýnanyň agyr haly hem, Tejeniň guraklygy hem täsir etmändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Işinde ýadaman, sen görkez hünär, Guraklyk ýok bolsun, suwsuzlyk gaçsyn. (R. Alyýew, Kommunizm ýolunda)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem guraklyk - guraklygy.