gupba gup‧ba

Gyzlaryň tahýasynyň depesine dakylýan, aşagy güberçek, ýokarsy çürelip gidýän şelpeli kümüş bezeg şaýy.

  • Egnine dökülip, şelpe, gotazlar, Gyzyl gupba ýapyldaýar başynda. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Şolwagt syçrap galan Günüň şöhlesi Aýnanyň gyzyl çaýylan gupbasyny lowurdatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Tylla gupbasyny ýalpyldadyp oturan aý ýüzli gyzlar köpdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • gupbadan
  • gupbalary
  • gupbalarynyň
  • gupbaly
  • gupbany
  • gupbanyň
  • gupbasy
  • gupbasyna
  • gupbasyny
  • gupbasynyň
  • gupbaň