Biziň planetamyzyň, ýeriň gabygynyň daşky gatlagy.
Sähet gahar bilen pilini ýere urup, gum atmaga başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Onuň üsti başy gum, maňlaýy hem çilik ýaly galyp, ganjaryp durdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Giden çägelik meýdan, çäge toprakly çöl ýerler.
Çerkez sürüleri möjekden goramaga guma giden kolhozçylaryň biridir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýene ol kolhozyň goýunlary diýip guma gidýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Gumda dürli haýwanlar ýaşaýar.
Geçen dynç güni guma oduna gitdik.
Tozan, çan, kirşen.
Üstüň-başyň gum bolupdyr.
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem gum - gumum, gumuň.
seret baş