Bir zadyň agzyny gulplamak üçin açar bilen baglanylýan we açylýan demir gural.
Bu açarlaryň hiçbiri-de bu gulpa laýyk gelmedi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem gulp - gulpum, gulpuň.
Gulp bilen berkitmek, gulplamak.
Gapa gulp urmak.
Dükanyň agzyna gulp urmak.
Käbir gaplaryň gapdalyndaky el tutary.
Ojagyna ders döküp otlary we ojagyň üstünde gulpy döwük gara kitiri goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Wüşi kel sytoluň üstünde duran ullakan kitiriň gulpuna ýapyşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Apbasy ýaly käbir Türkmen şaýlarynyň gapdalyna berkidilýän halka.
Apbasymyň gulpy döwlüpdir.
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem gulp - gulpum, gulpuň.