Ses eşidiş organy.
Gulagyň garny bolmaz, siňegiň -- erni. (nakyl)
Gulak eşidenini göz görmesin. (nakyl)
Saz gurallarynyň sapynyň ujundaky kiriş berkidilýän ýeri.
Tamdyranyň gulagy.
Aýak basmak üçin piliň gapdalyna berkidilýän demir.
Piliň gulagyny gaýdyp gowşamaz ýaly etdim.
Gazanyň daş gyrasyndaky eltutary.
Gara gazanyň dört gulagy bolýar.
Tüpeňiň okuny göçürmek üçin barmak bilen gysylan ýeri, ok.
Annaguly tüpeňiň gulagyna barmagyny ýetirip barýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Suw akýan ýabyň gapdala sowulýan ýeriniň sakasy.
Ýabyň gulagyna böwet basmak.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gulak - gulagy.
Tapawudy ýok.
Onun üçin çaýyň garasy bilen gögüniň tapawudy atyň gulagy ýalydy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ujy çowly, dik gulak.
Gaýçy ýaly ujy çowly gulak (at hakda).
seret gazan
Gulagyna ýaramak, gulagyna ýakymly eşidilmek.
Onun geplän gepleri Muhammediň gulagyna bal bolup damdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
seret gulaga ilmek gulaga ilmek
»Haýt-haýt» diýen owaz Kösäniň gulagyna degýär. («Görogly» eposy)
Bir zat barasynda bir habar eşidilmek, eşitmek.
Gülendamyň şu sözler gulagyna ildi. («Görogly» eposy)
Aýdylan söz, edilen gürrüň göwnüňe ýaramak, göwnüňden turmak, begendirmek, halamak.
Dolan aý hem gökden ýagtysyn salýar, Gulagma ýakýardy agşamyň sazy. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)
Habardar bolmak, eşidilmek.
Bu habar onuň-da gulagyna ýetdi. (Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gowy eşitmeýän, ker.
Onuň gulagy agyrdy.
Örän sak, ýiti bolmak, örän eşitgir bolmak.
Olar şeýle assa gürrüň edýärdiler welin, eger üç ädim ýakynlarynda duran adamyň gulagy mis ýaly bolaýmasa, olaryň sözünden many aňşyryp biljek däl. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Öwran aýtmak, düşündirip aýtmak, berk tabşyrmak.
Babaň aýdanyny ýadyňda sakla! -- diýip, gulagyma guýdy. («Mydam Taýýar» gazeti)
Gulagyny ker edip barmak, wagtlaýynça eşitmez etmek.
Gulagyna goýbermek, gulagyny gysmak, atmak (tüpeň, hakda).
Bir zady köp eşidip irmek, ýüregiňe düşmek.
Radiatory hemdeşilen ýanlyk ýaly, suw saklanok -- diýip, şofýor zeýrendi welin, gulagym kamata geldi. («Tokmak» žurnaly)
Diň salmak, diňlemek.
Aýdylan, diýlen zady ýerine ýetirmek.
Gulak asmak, diň salmak, eşitjek bolmak.
Adamlar şol aýylganç sese gulak gabartjak ýaly etdiler-de, ýene söz ugurlaryna gitdiler. (M. Ybrahimow, Ol gün geler)
Bir at barada köp eşidip, pugta ýadyňda galmak.
Kakajandan gulagy ganan çaga enaýyja gözlerini tegeläp, Artyga barmaklaryny uzatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Güýçli ses we ş. m. zerarly gulagyň ker bolmak, eşitmekden galmak.
Gulak asmak, diň salmak, diňlemek.
Şahym, gulak goýsanyz. Bizden size maslahat. («Midam Taýýar» Gazzeti)
Tüpeňiň çakmagyny çekmek, atmaga häzirläp goýmak.
Halnazar şol oýlardan soň, soňky wagtda edinen sapançasyny eline aldy okyny barlady, gulagyny gaýtardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Birine bir zady köp aýtmak, ýatladyp durmak.
Üns bilen diňlemek, gulak asmak.
Gulagy ýapyrmak (at, düýe, eşek we ş. m. hakda).
Gyrat agzyny açyp, gulagyny gyrpyp topuldy. («Görogly» eposy)
Köp wagtlap eşitmezlik, köp wagtlap diňlemezlik (köplenç aýdym, söz we ş. m. hakda).
seret gulak asmak gulak asmak
Gulak sal soýgülim, habar bereýin, Artelmizde öň hatarda barýaryn. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Gulakda sesemek germek, gulakdaky ses ýaňlanmak.
Bir zady köp agzap, halys ýadatmak, aýda-aýda bizar-peteni çykarmak.
Gurluşyk diýip, gulak ýetimi guratdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Aýdylan zat berk ýatda galmak.
seret uklamak
«Ätiýaçly bol, aýdylýan gürrüňiň eşidilmegi, diňlenmegi mümkin» diýen manyda ulanylýan söz düzümi.