gujak

  1. Iki elini aýlap alanynda kükrek bilen elin aralygynda emele gelýän giňişlik, iki elini daşyndan aýlap alanyndaky emele gelýän göwrüm.

    • Ol ýaş ýigit gurdun gujagynda jan berdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Sapar ogluny birnäçe wagtlap gujagyna gysyp durdy. («Pioner» žurnaly)

    • Men ejemiň gujagyna gysylyp ertekisini diňleýärdim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Göçme manyda Kükrek bilen iki eliň arasynda ýerleşýän mukdardaky zat.

    • Hemra iki bir gujak gury odyn getirdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bir gujak ot.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gujak - gujagy.

gujak açmak

Mähirli garşy almak, güler ýüz bilen kabul etmek.

  • Haçan gelseň taýýar men, gujak açyp durmaga. (N. Pomma, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • gujaga
  • gujagy
  • gujagydyr
  • gujagym
  • gujagyma
  • gujagymda
  • gujagymdan
  • gujagymyzdan
  • gujagymyň
  • gujagyn
  • gujagyna
  • gujagynda
  • gujagyndady
  • gujagyndaky
  • gujagyndan
  • gujagyny
  • gujagynyň
  • gujagyň
  • gujagyňa
  • gujagyňda
  • gujagyňy
  • gujakda
  • gujakdan
  • gujakdy
  • gujakdygyna
  • gujaklar
  • gujaklardy
  • gujaklardyň
  • gujaklaryn
  • gujaklaryna
  • gujaklaryny
  • gujakly