Nerw sistema zyýan ýetirýän ýokançly kesel.
Ol it guduzlapdyr.
Göçme manyda Ýykyp-ýumrup ýören, zabun.
Bahargül, men nemesleriň eline düşdüm, ol guduzlar dünýäniň iň aýylganç azaplary bilen bizi gynadylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Göçme manyda Tertipsiz, garagol, ýoknasyz (köplenç çaga hakynda).
Wagşylaşmak, ýyrtyjy bolmak, örän rehimsiz bolmak, guduzlamak.
Gitler däliräpdir, guduz açypdyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Ýakymsyzlyk etmek, garagol bolmak.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.