Günüň guş uçar belentligine galýan wagty, günüň ýaňy ýokary saýlanyp başlan wagtlary.
Gün guşluk galan wagty bularyn howlusyna üýtgeşik myhmanlar gelip girdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Wagt guşlukdan geçdi. («Mydam taýýar» gazeti)
Bugün eýýäm guşluk bolupdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gün guşluga gelende işiň depgini güýçlenip ugrady.
Gündogar bilen günbataryň aralyk tarapy.
Guşlukdan bir otly göründi.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem guşluk - guşlugy.
Guşuň köp ýeri, guşuň köp bolýan ýeri.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem guşluk - guşlugy.