Biliň inçelen ýeri, biliň guşak daňylýan ýeri, bil.
Soňa baka ýörite ýasalan demirleri gyzdyryp, munun endamyna dag basmaga başladylar, guşaklykdan ýokarsyny besse-besse etdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Aýagy gyrma köwüşli, nogta ýaly saçlary guşaklygyna ýetip durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Guşak eder ýaly gaýyş, teletin.
Guşaklyk gaýyş.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem guşaklyk - guşaklygy.
Geografiýa Ýeriň üstüniň iki meridiany ýa-da parallelleri arasyndaky bölegi.
Yssy guşaklyk.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem guşaklyk - guşaklygy.