Gaýyşdan, ýüpden ýa-da dokalan matadan bile baglamak, damak üçin ýörite edilen bag.
Ot tomsuna agyr çäkmen, gyşyna bolsa pagtaly don geýerdi, biline ak biz guşak guşanardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Pälwan guşagyny ykjam guşanyp, syýyny çekişdirdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem guşak - guşagy.
Könelişen söz Köne däp-dessura görä öýlenen ýigidiň bilindäki guşagy berk baglap, ony gelne çözdürmek.
Artyk oňa guşak çözdürmekden, ädik çykartmakdan geçip, bir baş ýüzükçileriň ýanyna bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Iki tarap bolup guşak oklanyp, gapylyp oýnalýan oýun.
Guşak gapyp oýnamak.