Zoologiýa Bütin bedeni ýelek bilen örtülen, goşa ganatly, oňurgaly uçýan haýwan.
Gül-pürçük pudaklarda saýrarmyş dürli guşlar. («Tokmak» žurnaly)
Guş özi üçin çapar, tazy -- eýesi üçin. (nakyl)
Guş agajy bir gonar. (nakyl)
Guş bar -- etini iýmeli, guş bar -- et bermeli. (nakyl)
Guş burunsyz dogmaz, çaga -- ryzgalsyz. (nakyl)
Guş ganatyndan kireý islemez. (nakyl)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem guş - guşum, guşuň.
Halynyň gölüniň içine salynýan, guşuň aýak yzyna meňzeş nagyş.
seret ýürek 1
Hemmesi seniň guş ýürekligiňden ahyry. («Tokmak» žurnaly)
Keýpi kökelmek, göhi gelmek, begenmek, şatlanmak, ruhlanmak.
Aňyrsyna gözüni ýetirip bilse, onda hanyň guşy uçýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
seret ütmek