guýy gu‧ýy

  1. Suw üçin ýerin suwly gatlagyna çenli gazylan çuň çukur.

    • Myralyny çöl içindäki bir guýa taşlapdyrlar. (Myraly)

    • Annaguly gelip, bedresini guýa sallamaga durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Dürli tehniki bähbitler üçin burawlanyp gazylan çuň çukur, skwažina.

    • Nebit guýularynyň sütünleri hatar-hatar bolup görünýär. (B. Pürliýew, Ikinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem guýy - guýuda, guýular, guýusy.

guýynyň düýbüne düşen ýaly bolmak

Başy bilen gitmek, dereksiz gitmek.

iňňe bilen guýy gazmak

Amala aşyryp bolmajak gaty kyn işe başlamak.


Duş gelýän formalary
  • guýa
  • guýuda
  • guýudaky
  • guýudan
  • guýudyr
  • guýular
  • guýulara
  • guýularam
  • guýularda
  • guýulardaky
  • guýulardan
  • guýulardanam
  • guýulardyr
  • guýulary
  • guýularydyr
  • guýularymyz
  • guýularyna
  • guýularynda
  • guýularyndan
  • guýularyny
  • guýularynyň
  • guýularyň
  • guýuly
  • guýumy
  • guýusy
  • guýusydy
  • guýusyn
  • guýusyna
  • guýusynda
  • guýusyndaky
  • guýusyndan
  • guýusyny
  • guýusynyň
  • guýymyz
  • guýymyzy
  • guýymyň
  • guýyny
  • guýynyň
  • guýyň
  • guýyňa
  • guýyňy