Bir gapdan başka gaba dökmek, gapgarmak.
Kesesindäki çaýy çaýnegine guýjak bolanda, daşyna dökdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Metal ergininden ýa-da palçykdan bir zat ýasamak, etmek.
Çoýundan kündük guýmak.
Kerpiç guýmak.
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem guýmak - guýdum, guýduň, guýupdyr.
seret gulak
Babaň aýdanyny ýadyňda sakla -- diýip, gulagyma guýdy. («Mydam Taýýar» gazeti)
Gowrulan una azajyk ýag, suw garylyp bişirilýän nahar.
Ol ertirden bäri ýekeje çemçe guýmak iýdi.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.