Erbet däl, oňat, ýagşy, mazaly, ýeg.
Gaty gowy, şol bolýar -- diýşip gygyryşdylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem gowy - gowuda, gowular, gowusy.
Eý görmek, söýmek, halamak.
Men ony gowy görýärdim.
Sen duşmany gowy görýän bolsaň, hanha ýoluň açyk -- gidiber! Seniň ýaly gorkagyň bize geregi hem ýok. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)