gowurmak 1 işlik

  1. Azajyk suw guýup, ýaga daglap bişirmek.

    • Bir owlagy hem gowur-da öňünde goý. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Aýsoltan -- sen tüwüsini arassalaýyn, men etini gowraýyn -- diýesi geldi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. seret gysmak

    • Olary deňsizlik gysyp gowurýardy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gowurmak - gowrar, gowrupdyr.

gowurmak 2 işlik

Ýüp ýa-da ýüplük bilen büzmek, daraltmak (çaryk, telpek we ş. m. hakynda).

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gowurmak - gowrar, gowrupdyr.


Duş gelýän formalary
  • gowranam
  • gowrardylar
  • gowraýyn
  • gowrup
  • gowurdy
  • gowurdylar
  • gowurdym
  • gowurma
  • gowurma-da
  • gowurmaga
  • gowurmagy
  • gowurmak
  • gowurmalaryndan
  • gowurmaly
  • gowurman
  • gowurmany
  • gowurmanyň
  • gowurmasy
  • gowurmasyna
  • gowurmasyndan
  • gowurmasyny
  • gowurmasynyň
  • gowurmazmy
  • gowursaň
  • gowurýardy
  • gowurýardylar
  • gowurýarlar