gowurdak

  1. Gowrulan guýruk ýagynda galan jigirdek.

  2. seret gowurma

    • Eline ullakan ak käsäni alyp golçadan gowurdakly ýag çykardy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gowurdak - gowurdagy.


Duş gelýän formalary
  • gowurdagy
  • gowurdagymam
  • gowurdagyň
  • gowurdakda
  • gowurdakdan
  • gowurdaklar
  • gowurdakly