gowur

Galmagal, zenzele.

  • Obanyň içinde iki ýana ylgaşyp, gowur edýärler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Bakyň, baban ýaşy ýese-de çene, biderek gowur etdi düşünmän çyna. (N. Pomma, Goşgular)

  • Onuň yzy bilen üçünji ýerden gowyr turdy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Mallaryň, adamlaryň sesleri obanyň üstünde gowur ýaly bolup ýaňlanýardy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Klasyň içi gülki, gowur bilen doldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gowur - gowrum, gowruň, gowry.


Duş gelýän formalary
  • gowra
  • gowrum
  • gowrundan
  • gowruny
  • gowry
  • gowur-da
  • gowurdan
  • gowurdy
  • gowurdylar
  • gowurdym