gowşatmak işlik

  1. Berkligiň öňkä garapda peseltmek.

    • Sargyny birneme gowşat, bolmasa janymy aljak.

  2. Göçme manyda Güýjüni, kuwwatyny peseltmek.

    • Ikinji hem atmasyny gowşadan ýaly boldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  3. Depgini, tempini peseltmek, ýaramazlatmak.

  4. Kuwwatdan düşürmek, güýjüni gaçyrmak kesel onuň saglygyny gowşadypdyr.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gowşatmak - gowşadýar, gowşadar, gowşadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • gowşadan
  • gowşadandan
  • gowşadandygy
  • gowşadandygyndan
  • gowşadandygyny
  • gowşadanlygy
  • gowşadanyndan
  • gowşadar
  • gowşadyp
  • gowşadypdy
  • gowşadypdylar
  • gowşadypdyr
  • gowşadyň
  • gowşadýan
  • gowşadýandygy
  • gowşadýandygyny
  • gowşadýandyklaryny
  • gowşadýança
  • gowşadýar
  • gowşadýardy
  • gowşadýarlar
  • gowşatdy
  • gowşatdy-da
  • gowşatdym
  • gowşatma
  • gowşatmady
  • gowşatmadylar
  • gowşatmaga
  • gowşatmagy
  • gowşatmagyna
  • gowşatmagyny
  • gowşatmagyň
  • gowşatmak
  • gowşatmakda
  • gowşatmakdan
  • gowşatmaklyga
  • gowşatmaklygy
  • gowşatmaklyk
  • gowşatmalary
  • gowşatmaly
  • gowşatmalydygyna
  • gowşatman
  • gowşatmandy
  • gowşatmazdan
  • gowşatmazlyga
  • gowşatmazlygyň
  • gowşatmaýandygyny
  • gowşatmaýar
  • gowşatmaýarlar
  • gowşatsaň