gowşaklyk

  1. Berk dällik, pugta dällik.

  2. Dogumsyzlyk, emelsizlik, lellimlik.

    • Aşyr özünde bir hili gowşaklyk syzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Töwerek çemende güllerde gözler, Gowşaklyk ýaraşmaz oňa hergizler.

  3. Güýçli dällik, kuwwatly dällik, peslik, ýarawsyzlyk.

    • Gyzgynym artyp, bir hili gowşaklyk peýda boldy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gowşaklyk - gowşaklygy.


Duş gelýän formalary
  • gowşaklyga
  • gowşaklygy
  • gowşaklygy-da
  • gowşaklygymyzy
  • gowşaklygyna
  • gowşaklygynda
  • gowşaklygyndan
  • gowşaklygyny
  • gowşaklygynyň
  • gowşaklygyň
  • gowşaklykdan
  • gowşaklyklar
  • gowşaklyklary
  • gowşaklyklaryndan
  • gowşaklyklaryny