gowşak sypat

  1. Berk däl pugta bolmadyk, yranyp duran, agaç goçak dikilipdir.

  2. Göçme manyda Dogumly däl, emelsiz, sölite, lellim.

    • Şolaryň içinde iň gowşagy men bolamsoň siziň eliňize düşdüm. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Ökde däl, güýçli däl, pes, az düşünjeli.

  4. Degerli däl, çala, ýuwaş, gorkak.

  5. Gaty däl, ýumşak.

    • Bu köpgi gowşak torlanypdyr.

  6. Baş, çala.

    • Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar. (nakyl)

  7. Pes depginli, ýaramaz, haýal.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gowşak - gowşagy.