Köwlen ýer, çuň çukur.
Köpjäniň agzy birdenkä, bir gorpa giripdir. (Myraly)
Wüşi keliň giden ýoly bir gopdy geçip, köne galanyň ileri çeti bilen köçä düşmelidi.
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem gorp - gorpum, gorpuň.
Dagyň, jaýyň we ş. m. aşagy köwülmek, oýulmak, ýerde boşluk emele gelmek.
Haýatyň aşagy gorp atypdyr.
Ýagdaýyň erbetleşmek, howp döremek.
Düýbüň gorp atypdyr, köküň çüýräpdir. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Aýagynyň asty gorp atyp barýan hanyň öňünde dowully waka sagat saýyn gyzyp gitdi göwnüme bolmasa, onuň hem aýagynyň asty gorp atýan ýaly, şu gün ýa erte o-da gürpüldär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)