Garaşylmadyk hereket bilen zähresini ýarmak, allaniçigsi tisgindirmek, ürküzmek.
Duýdansyz üstüne baryp gorkuzmak.
Belli bir hereket bilen heder etdirmek, ätiýaç etdirmek.
Mährijemal bada-bat agasynyň gorkuzmak ýoly bilen aýtalyran sözlerini ýene gaýtalapdyr. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Olar özleriniň şu hileler bilen sekiz batyry gorkuzyp, howsala saljak boldular.
Howp salmak, gorky salmak.
Aýtmady diýmäň, kimde-kim meni gorkuzjak bolup garşymdan çyksa ýa-da meniň bilen ýaka tutuşsa, menden eýgilik tamasyny etmesin. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Derýanyň joşmagy halky gorkuzdy.