Bir zatdan, hereketden we ş. m. heder etmek, gorky duýgusy peýda bolmak, ürkmek.
Mährijemal gorkup: --Waý -- diýip gygyrdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Gorkana goşa görner. (nakyl)
Heder etmek, ätiýaç etmek, çekinmek.
Biz ähli mugallymlar bolup ondan gorkardyk. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem gorkmak - gorkdum, gorkduň, gorkupdyr.
Ätiýaç edip, bir zady öňünden aýtmak, ýerine ýetirmek.
Iwan, gorkan öňürder etme. (B. Kerrbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.