Batyr däl, towşan ýürek, gorkup ýören.
Gorkaklar, namartlar, dönükler bolsa masgaralanýar we galyndyrmaz gargyş aşagynda galýarlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Kakam könelişen garry adam, sen ondan hem beter gorkak bolupsyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ol pikir meni göterip, namyssyz, gorkaklar hatarynda goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gorkagy kowsaň, batyr bolar. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gorkak - gorkagy.