gor gor

[go:r]

Otdan galýan ownuk köz, ownuk köz gatyşykly kül.

  • Myralynyň atyna iým bermän-detorbasyna gor salyp geýdiriniň -- diýip tabşyrypdyr. (Myraly)

  • Tomsuň jöwzasynyň astynda çaýkanyp ýatan otly gora meňzeýän ürgün mele çäge bu gün gara bukulyp ýatyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gor - gorum, goruň.

gonjuna gor goýmak

Aladaly, howsalaly ýagdaýa salmak, gaharyny getirmek, howsala salmak.

  • Häli-şindi sawçylyga gelýänler onuň gonjuna gor guýýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gor gor 1

Agaranly düýe çalynyň küýzedäki galyndysy; düýe süýdünden çal etmek üçin gerek bolýan gönezlik.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gor - gorum, goruň.

çal tutmak üçin goruňyz barmy?

Göçme manyda Artdyryp goýlan pul, zat, maýa.

  • Onuň ozalda birneme gory bardyr.

gor gor 2

Palçykdan salynýan jaýyň, haýatyň bir pagsasy.

  • Ýene bir gor goýaýsak, tamyň boýy ýetjek.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gor - gorum, goruň.


Duş gelýän formalary
  • gora
  • gorady
  • goradymy
  • goram
  • gorda
  • gordaky
  • gordan
  • gordum
  • gordy
  • gorlar
  • gorlara
  • gorlardan
  • gorlary
  • gorlarymyz
  • gorlarymyzdan
  • gorlarymyzy
  • gorlaryna
  • gorlaryndan
  • gorlaryny
  • gorlarynyň
  • gorlaryň
  • gorly
  • gorum
  • gorumdaky
  • gorumy
  • gorumyz
  • goruna
  • gorunda
  • gorundaky
  • gorundan
  • goruny
  • gorunyň
  • goruň
  • gory