gonç gonç

  1. Aýakgabyň topukdan ýokary bölegi.

    • Ädiginiň gonjy ýygyrt-ýygyrt bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Balagyň bir ýan bölegi.

    • Mamagüliň içki geýminiň gonjynyň agzyndaky bir ser bejergisi görünýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gonç - gonjum, gonjuň.

gonjuna gor duýmak

Gaharyny getirmek, aladaly ýagdaýa salmak, degnasyna degmek.

  • Kitabyň arasyndan çykan surat onuň gonjuna gor guýdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Iki aýagyny bir gonja sokýardy. (M. Ibrahimow Ol Gün Geler.)


Duş gelýän formalary
  • gonja
  • gonjuma
  • gonjumdan
  • gonjuna
  • gonjunda
  • gonjundan
  • gonjuny
  • gonjunyň
  • gonjy
  • gonjy-da
  • gonçlary
  • gonçly
  • gonçsuz