golaýlatmak işlik

Golaý aralyga eltmek, golaý getirmek, ýakynlatmak.

  • Kem-kemden olaryň aralaryny golaýlatdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Şofýor maşyny köprä golaýlatdy-da duruzdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem golaýlatmak - golaýladýar, golaýladar, golaýladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • golaýladan
  • golaýladyp
  • golaýladypdyr
  • golaýladýan
  • golaýladýar
  • golaýladýardy
  • golaýladýarlar
  • golaýlatdy
  • golaýlatdy-da
  • golaýlatdylar
  • golaýlatmagy
  • golaýlatmak
  • golaýlatmakdyr
  • golaýlatmaly
  • golaýlatmalydy
  • golaýlatmasy