golaý sypat

  1. Daş bolmadyk, uzak däl, ýakyn.

    • Seniň şol ogluň urşuň golaýyna barjak gümany barmy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Birdenkä şäheriň gündogar çetinde gyzyl gwardiýanyň duran ýeriniň golaýynda atyşyk başlandy. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Hany, oglum, golaýyma geç! -- diýdi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  2. Garyndaşlyk taýdan ýakyn.

    • Ol haty, belki, ol özüniň iň golaý adamlaryna ýazandyr, belki, aýalyna ýa çagalaryna ýazandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Geň, çak, möçber, ýakyn töwerek, çemesi.


Duş gelýän formalary
  • golaýa
  • golaýam
  • golaýda
  • golaýdadyram
  • golaýdaky
  • golaýdan
  • golaýdanam
  • golaýdy
  • golaýdygy
  • golaýdygyny
  • golaýdygynyň
  • golaýdygyňyzy
  • golaýdyr
  • golaýdyrlar
  • golaýlar
  • golaýlarda
  • golaýlardy
  • golaýlary
  • golaýlaryna
  • golaýlarynda
  • golaýlarynyň
  • golaýlaryň
  • golaýlaryňy
  • golaýlyga
  • golaýlygy
  • golaýlygyna
  • golaýlygynda
  • golaýlygyny
  • golaýlygynyň
  • golaýlyk
  • golaýlylyk
  • golaýraga
  • golaýragyma
  • golaýragyna
  • golaýragynda
  • golaýrak
  • golaýrakda
  • golaýraklarda
  • golaýraklaryna
  • golaýy
  • golaýyma
  • golaýymda
  • golaýymyza
  • golaýymyzda
  • golaýymyzdan
  • golaýyna
  • golaýynda
  • golaýyndady
  • golaýyndan
  • golaýyndanam
  • golaýyny
  • golaýynyň
  • golaýyň
  • golaýyňa
  • golaýyňda
  • golaýyňdan
  • golaýyňyzda