Öňküsiniň üstüne goýmak, üstüni artdyrmak, üstüni ýetirmek.
Içip köpçüligiň içine barmak gelşikli zat däl -- diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Garmak, garyşdyrmak, birikdirmek.
Ýykylmyş köne dünýä, awy goşduň aşyma. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)
Köp zadyň arasyna garmak birikdirmek.
Bar, oglum, sygry sürä goşup gel!
Mala, araba, azal we ş. m. tirkemek, arabany azaly we ş. m. mala tirkemek, döwek döwmek üçin ýabylary ýa eşekleri biri-biriniň gapdalyny çatmak.
Daýysynyň ýabysy bilen düýesini goşup, çygly ýerden keş çekip ugrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Goşgy goşmak.
Ýaryşdyrmak, çapyşdyrmak.
Meni öz pellämden çykarjak bolsaň, at goşjak däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem goşmak - goşdum, goşduň, goşupdyr.
seret baş 1
Ýa-da ol menden ýüz dönderip, başga biri bilen baş goşýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Ol bu işe baş goşan mahalynda, öz üstüne şeýle howpuň abanýadygyny bilýärmidi?
seret döwek
Iş mallaryny alyp gitmeli, tohum mallary daga äkidip, döwege goşmak bolmaz.
Arifmetika sany biri-birine goşmalydygyny aňladýan belgi.
seret güýç
Ýene bu sözleri gaýtalap ençe, öňküden-de artyk güýç goşup güýje. (N. Pomma Saýlanan eserler)
Gulluhan Tejenden çekilmek işine päsgel bermek, barja güýji Aklara goşmak üçin çalyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret san
Men ony adam sanyna goşdum. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)