Şygyr bilen ýazylan şahyrana eser.
Wepanyň goşgulary ýazan depderiniň içinde şeýle bir gyzykly zat çykdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen halkynyň suw ugrundaky asyrlar boýy göreşini goşgy bilen ýazylan powestinde çeper beýan etdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bu kagyzyn ýüzünde goşgy bardy.
Gepleşik dili Şygyrlaryň umumy ady.
Ol güllerden Lermontowyň goşgularyny okan ýaly lezzet alýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem goşgy - goşguda, goşgular, goşgusy.