Ýaşaýyşda öý hojalygynda ulanylýan ýorgan-düşek we ş. m. zatlar.
Men on minudyň içinde goşumy eltip, seniň goşuňa gatyp biljek. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Ýanyň bilen äkidilýän ýük, aňry-bäri zatlar.
Hoşgeldi goşlaryny gapyda goýup, jaýlarynyň işigindäki bu görnüşleri hyrydar göz bilen synlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Çöl, meýdan ýerlerinde goş-golam goýlup, wagtlaýyn mesgen tutulýan ýer.
Çolugy bilen baş çopan goşdadylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Göçme manyda Ýer sürmek üçin goşulan mallar.
Olar ýerli-ýerden goş goşup, gök otly, mahmal ýaly çyg ýeri ala dörjük ederdi. Galyň ýigidiň jany bilen deň görýän maly goşdan, döwekden çykarylyp, näçe gezek berildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem goş - goşum, goşuň.
Öýli-işikli bolmak, bile durmuş gurmak, öýlenmek.
Aýsoltan bilen goşuny birikdirip bilse, Begenjiň dünýäde armany ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Hiç zat diýilmänkä, gürrüňde orta düşmek, ara sokulmak.