Biri bilen ýanaşyk ýaşaýan hojalyk, maşgala hemsaýa.
Gülme goňşyňa -- geler başyňa. (nakyl)
Eýesine gerek bolsa, goňşusyna haram. (nakyl)
Goňşyň goňşy bolsa, kel gyzyň hem äre gider. (nakyl)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem goňşy - goňşuda, goňşular, goňşusy.
Goňşuçylyk arasynda biş-düşden dadyrylýan zat, nahar.
Goňşy okara alyşyp-berişmek.