Bukulmak, birinden ýygşyrylmak, ýaşyrylmak.
Sen häzir wagty barka çagany al-da gaç we tiz gizlen! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Selçeň agaçlardaky serçeler, göýä diýersiň, bir zatdan howatyr edýän ýaly, janygyşyp jürleşmek bilen gizlendiler. Söweş ýaraglary ulaglar gizlenýärdi. Emma siziň bilen bile gizlenmäge ýer tapylmaz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Hum ýokmy içinde gizlener ýaly? (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Gizläneýjek, niçik borka? («Görogly» eposy)